
Täzelikler
243

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Gozgalmaýan emläkleriň dolandyrylyşy” kafedrasynda 2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde “Ýaş baha kesiji” atly ylmy gurnagyň maslahaty geçirildi. Gurnagyň maslahatynda agzasy mugallym-öwrenijiO.Durdyýewa ýerine ýetiren işleri boýunça hasabat bilen çykyş etdi. Hasabatlar tanyşdyryşlar arkaly, annimasiýalaryň kömegi bilen beýan edildi.
Maslahatyň dowamynda “Gozgalmaýan emlägiň obýektlerine maýa goýmagyň esasy artykmaçlyklary” atly tema boýunça uly mugallym S.Myradowa çykyş etdi. Uly mugallym öz çykyşynda gozgalmaýan emlägiň bazarynda isleg raýat-hukuk dolanyşygynda bolan ýer meýdanlaryň, binalaryň, desgalaryň we wagtyň kesgitli döwründe düzülen bahalar boýunça satyn alyjylaryň satyn almaga taýyn bolanlygy, olara bolan hukuklaryň toplumydygy barada maglumat beýan etdi.
Beýleki deň şertlerde gozgalmaýan emläge bolan isleg baha baglylykda ters üýtgäp bilýänligi tassyklandy. Islegiň döremegi aşakdaky ýagdaýlar bilen şertlendirilýär: ykdysady ýagdaýlar, durmuş ýagdaýlar, tebigy-howa gurşawy, syýasy we dolandyryş ýagdaýlary, daşky gurşaw diýip bellenilip geçildi. Maslahatyň netijesi boýunça gozgalmaýan emlägiň – ähli bar bolan emläkleriň arasynda iň uzak möhletlidigi, maýa goýumyň ynamlydygyny ýokarlandyrmak we köp töwekgelçilikleri peseltmek barada bellenildi.