
Täzelikler
240

2026-njy ýyl taryha “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly ady bilen girmegi, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň işleriniň beýanyny, şeýle hem Türkmenistanda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň depginini şöhlelendirýän ylmy we habar beriş maglumatlaryň toplumy döwlet, halkara ähmiýetli işleriň amala aşyrylmagy, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň çäginde hereket edýän “Watançy nesil” ylmy-döredijilik gurnagynyň agzalaryny hem bu wakalardan çetleşdirmän, wakalaryň jümmüşinde hereket etmäge uly itergi berdi.
“Watançy nesil” gurnagynyň 2025/2026-njy okuw ýylyndaky ylmy temasy: Arkadagly Serdaryň parahatsöýüji syýasaty – ýaşlaryň ynanyşmak gözýetiminiň şamçyragy” diýip atlandyryldy. Şu wagta çenli maksatnamanyň çäginde, şeýle hem, sanly bilim Konsepsiýasynyň, hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar baradaky alyp barýan döwlet syýasatynyň çygrynda, institutda hereket edýän “Watançy nesil” gurnagy talyplary ylym giňişliginiň ummanyna atarmakdabirnäçe işleri amala aşyrdy. Institutyň talyplary, gurnagyň işjeň agzalary : Sähet Halykowyň, Leýli Saparowanyň, Süleýman Hallyýewiň, Döwletmämmet Annaberdiýewiň, Bahar Begmyradowanyň talyp köňüllerinden joşup çykan goşgulary, “Watançy nesil” gurnagy “ Köňül nagmalary” ady bilen çapdan çykardy. Bu kitap, ýaşlaryň ylham joşgunynyň belentligine, durmuş, Watan, parahatçylyk ýaly pikirleriniň çuňlugyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda kitabyň täze sanynyň üstünde işlenilýär.
Taýýarlan:Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň
“Jemgyýeti öwreniş ylymlary ”
kafedrasynyň uly mugallymy O.Berdiýewa