
Täzelikler
140

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan gurnalan mährem zenan mugallymlaryň gatnaşmagynda milli gymmatlyklarmyz bolan maşgala mukaddesligi wagyz etmek maksady bilen “Maşgalam-baş galam” atly talyp gelin-gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda türkmen halkynda “maşgala - mukaddeslikdir” diýen düşünje asyrlaryň dowamynda kemala gelip, onuň her bir ynsanyň durmuşynda iň gymmatly hazynasydygyny belläp geçildi. Türkmen maşgalasy özüniň ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlary, milli gymmatlyklary we ula bolan sarpasy bilen dünýä nusgalykdygyny talyplara wagyz edildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti