
Täzelikler
95

3-nji aprelde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň we Ýaş olimpiaýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda guralýan sport ýaryşlarynyň hem-de ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan bäsleşik geçirildi. Oňa ady agzalan mekdepleriň okuwçylary işjeň gatnaşdylar.
Köçelerde we ýollarda hereketiň depgininiň güýçlenmegi bilen häzirki döwürde, çagalaryň saglygyny goramak, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, olary ýol-ulag hadysalaryndan goramak möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Şu maksatlardan ugur alnyp, 2015-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesi döredildi we işe girizildi.
Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak halkymyzyň durmuş ýörelgesine öwrüldi. Sport ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy maksady sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýelemekden ybaratdyr. Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni uludan bellenilip geçilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda her bir adamyň sportuň saýlap alan görnüşi boýunça meşgullanmagy hem-de islegleriniň kanagatlandyrylmagy üçin ähli şertler döredildi.
Bäsleşigiň ahyrynda «Olimp» orta sport mekdebiniň we Ýaş olimpiaýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň işjeň gatnaşan ýaşlaryna ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Mährijemal JUMAÝEWA,
«Olimp» orta sport mekdebiniň
direktorynyň okuw we terbiýeçilik
işleri boýunça orunbasary