
Täzelikler
137

Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda ýurdumyzyň bilim ulgamynda döwrebap ösüşler gazanylýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň Kompýuter lingwistikasy hünäriniň 3-nji ýyl talyplaryna Innowasion tehnologiýalaryň ylmy esaslary dersinden Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasyna göçme okuw sapagy gurnaldy.
Göçme okuw sapagynyň dowamynda talyp ýaşlar kitaphanada saklanýan ylmy işler, dissertasiýalar we seýrek duş gelýän ylmy golýazmalar bilen ýakyndan tanyşdylar. Talyplara sanly kitaphananyň iş wezipeleri we ylmy edebiýatlary gözlemegiň tertibi ýörite hünärmenler tarapyndan giňişleýin düşündirildi. Kitaphananyň döwrebap mümkinçilikleritalyp ýaşlaryň ylmy-barlag işlerini alyp barmaga uly itergi berýär. Şeýle sapaklaryň gurnalmagy talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini tejribe bilen utgaşdyrmaga ýardam berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde talyp ýaşlara alýan bilimlerini has-da kämilleşdirip, geljekde ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmäge uly badalga berýär. Ýaşlara okamaga, döwrebap bilim almaga, ylmy-barlag işleri alyp barmaga mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!