
Täzelikler
119

1-nji aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (UNDP) Aşgabat şäherinde «Durnukly ösüşiň maksatlaryna etmek üçin klimat bilimi we klimat boýunça hereketler. (Klimat gutusy)» atly taslamasynyň jemleýji okuw maslahaty bolup geçdi. Bu okuw maslahaty Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli döwrebaplaşdyrmak işlerinde klimat baradaky bilimi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli ädim boldy.
Okuw maslahatyna ýurdumyzyň bilim-ylym, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de halkara hyzmatdaşlar gatnaşdylar.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan okuw maslahatyny açyp, klimatyň älem möçberli (global) üýtgeýän şertlerinde klimat bilen baglanyşykly wajyp meseleleriň çözgüdini tapmakda bilimiň möhümdigini belledi. Ol öz çykyşynda: «Klimatyň üýtgemegi häzirki zamanyň iňňän möhüm meseleleriniň biri bolmagynda galýar. Bu meselä bizň jogabymyz şundan ybarat bolmaly, ýagny biz bilime we ekologiýa sowatlylygyna, aýratyn hem ýaşlaryň arasyndaky bilime we ekologiýa sowatlylygyna näçe köp möçberde maýa goýunlaryny gönükdirsek, bu ugurdaky işlerimiz has netijeli bolar. «Klimat gutusy» atly taslama munuň aýdyň mysalydyr. Bilim gurallary diňe bir klimatyň üýtgemegine düşünýän nesiller däl-de, eýsem bu möhüm ugurda hereket etmäge taýýar bolan nesilleri kemala getirmäge kömek edýär» diýip nygtady.
Okuw maslahatynyň açylyş dabarasynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin hem çykyş edip: «Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň göniden-göni gatnaşmagynda 2012-nji ýylda badalga berlen bu taslama Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň ýaş nesillerinde ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde iň bir işjeň, täsirli gural bolmagynda galýar» diýip, belläp geçdi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy G.M.Gurdowa bolsa öz çykyşynda «Klimat gutusy» atly taslamanyň çäginde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Russiýa Federasiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlary, şeýle hem dünýäniň beýleki köp sanly ýurtlary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlarynyň halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, guwandyryjy üstünlikleri gazanýandyklaryny belledi.
Ýeri gelende bellesek, klimatyň üýtgemegi – häzirki zamanyň iň möhüm ekologiýa meseleleriniň biri. Otuz ýyl mundan ozal bu tema diňe ylmy jemgyýetçilikde ara alnyp maslahatlaşylýardy. Şu günki günde bolsa, onuň aýdyňlygy köpçülige hem anyk görünýär. Biz howanyň maýlandygyny, umumy ýagdaýda bolsa has üýtgäp durýandygyny duýýarys. Şeýle hem, deňizlerdäki we okeanlardaky güýçli gomlar, tozanly tupanlar, güýçli ýagyş ýa-da gurakçylyk ýaly adatdan daşary howa hadysalarynyň ýygylygynyň we güýçliliginiň artandygyna yzygiderli gözegçilik edýäris.
Alymlaryň we hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, XIX asyryň ikinji ýarymyndan bäri Ýer ýüzüniň ortaça ýylylygy häzirki onýyllyga çenli 1,2°С dereje ýokarlanypdyr. Planetanyň derejesinde şeýle kiçi ýaly görünýän temperaturanyň şunuň ýaly ýokarlanmagy ösümliklere, haýwanlara hem-de bize uly howp döredýär. Mundan başga-da, 1,2 °С dünýäniň ortaça görkezijisidir, käbir sebitlerde, aýratyn hem Arktikada maýylganlyk has tiz bolup geçýär. Demirgazyk ýarymşarda maýylganlygyň ýokarlanmagy Günbatar ýarymşardakydan çalt bolup geçýär. Sebäbi bu sebitde gury ýerleriň meýdany has uly bolup, ol Gün radiasiýasyny özüne has köp siňdirýär. Şeýle hem okeanyň aýlanyş aýratynlyklary täsir edýär. Mundan başga-da, XX asyryň birinji ýarymy bilen deňeşdirilende, 1970-nji ýyllardan soňra maýylganlygyň depgini has hem tizleşdi.
Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň (BMG) resmi maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy XIX asyryň ikinji ýarymy bilen deňeşdirilende 1,4°С ýokarlandy. 2023-nji ýyl 1850-nji ýyldan bäri bolan meteorologik ýazgylaryň taryhynda iň ýyly ýyl boldy.
Dünýä döwletleri klimatyň älem möçberli (global) üýtgemeginiň – maýylganlygyň ýokarlanmagynyň we tizleşmeginiň garşysyna göreşmek, bu möhüm ugurda zerur çäreleri görmek barada örän düýpli aladalanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kesgitlenen Durnukly ösüşiň maksatlarynyň 13-nji maksadynyň «Klimatyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek boýunça gyssagly çäreleri görmek» diýlip atlandyrylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Klimatyň üýtgemegine garşy göreşmek, onuň getirýän netijelerine uýgunlaşmak Türkmensitanyň döwlet ekologiýa syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar. Ýurdumyz BMG-niň klimatyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň, Kiota beýanynyň we Pariž ylalaşygynyň tarapy bolup durýar. Bu möhüm halkara ekologiýa resminamalary adamlaryň hojalyk işiniň daşky gurşawa we klimata edýän täsirini halkara ylalaşyklary arkaly düzgünleşdirmek üçin uly mümkinçilik döredýärler.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Pariž ylalaşygynyň çäginde kabul edilen halkara borçnamalaryny abraý bilen berjaý edýär, şeýle hem klimatyň üýtgemeginiň mümkin bolan ýaramaz netijeleriniň öňüni almak boýunça zerur bolan çäreleriň ählisini görýär.
Klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmak meseleleri 2019-njy ýylda kabul edilen «Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýanyň» (rejelenen görnüş) esasynda goýuldy. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy BMG-niň klimatyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň we Pariž ylalaşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary taýýarlamak üçin binýatlyk resminama bolup durýar. Strategiýa klimatyň gözegçilik edilýän we garaşylýan üýtgemelerine uýgunlaşmak we parnik gazlarynyň howa goýberilişini çäklendirmek boýunça çäreleri görmäge gönükdirilendir. Strategiýada howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin esasy ugurlar we ileri tutulýan sektorlar kesgitlendi, şol ugurlarda howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri peseltmäge gönükdirilen uýgunlaşma çäreleri bellenýär we olar häzirki wagtda amala aşyrylýar.
Türkmenistan howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýany kabul eden BMG-ä agza döwletleriň ilkinjileriniň biridir. Howa goýberilýän zyýanly galyndylaryň mukdaryny azaltmak boýunça anyk maksatlary we çäreleri, esasy ýörelgeleri özünde jemleýän bu resminama 2012-nji ýylyň 15-nji iýunynda geçirilen «Rio+20» sammitiniň öňüsyrasynda ilkinji gezek kabul edildi hem-de netijeli durmuşa geçirildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, ähli önümçilik pudaklarynyň ekologiýa taýdan howpsuz ölçeglere tapgyrlaýyn esasda geçirilmegini esasy ugur edinýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistan howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýasynyň» (rejelenen görnüşi) «Bilim bermek, hünärmenleri taýýarlamak we habarly etmek» atly bölüminde: «Ýaş türkmen neslinde çagalykdan başlap daşky gurşawa bolan seresaply garaýşyň endiklerini terbiýelemeli we durnukly ösüşiň esasy ýörelgeleri barada başlangyç bilimleri bermeli» diýip ýazylan. Şeýle hem, Milli strategiýanyň şol bölüminde mekdep okuwçylary, talyplar we mugallymlar üçin usulyýet we okuw gollanmalaryny işläp taýýarlamaklyk bu möhüm resminamany ýerine ýetirmegiň usullarynyň hatarynda görkezilýär. Şu babatda alanyňda, ýurdumyzyň BMG-niň «Durnukly ösüşiň maksatlaryna etmek üçin klimat bilimi we klimat boýunça hereketler. (Klimat gutusy)» atly sebit taslamasyna gatnaşmagynyň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap bellemek gerek. Bu ekologiýa taslamasy klimat bilimi babatynda zerur bilimleri alyşmaga ýardam berýär, halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkidýär hem-de klimat bilim boýunça iň gowy iş tejribelerini ýaýratmaga giň mümkinçilikleri açýar. «Klimat gutusy. «Klimatyň üýtgemegi» temasy boýunça mekdep okuwçylary üçin okuw-oýun materiallar toplumy» atly gollanma häzirki döwürde 20-den gowrak dilde elýeterli bolup, ol mekdep okuwçylarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda klimat babatyndaky sowatlylygy goldaýan ählumumy (global) platforma öwrüldi.
«Klimat gutusy» orta mekdepleriň 1─12-nji synplarynyň okuwçylary hem-de bilim edaralarynda «Tebigaty öwreniş», «Geografiýa», «Ýaşaýyş-durmuş esaslary», «Ekologiýa» derslerini okadýan mugallymlar üçin «Klimatyň üýtgemegi» temasy boýunça okuw-oýun materiallar toplumynyň düzümine girýär. Bu gymmatly toplum «Klimat gutusy» maksatnamasynyň dürli döwürlerinde Global ekologiýa gaznasynyň (GEF), Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň we «Koka-Kola» kompaniýasynyň maliýe taýdan goldamaklarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (UNDP) tarapyndan taýýarlandy.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň «Klimat gutusy» atly sebit taslamasy Gündogar Ýewropanyň, Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlarynda klimat bilimi babatdaky sowatlylygy we ekologiýa medeniýetini ösdürmäge gönükdirilendir. Interaktiw häsiýetli «Klimat gutusy» çagalaryň we ýaşlaryň millonlarçasyny klimaty, onuň üýtgemegini, şol üýtgemeleriň sebäplerini öwrenmäge ýakyndan çekýär hem-de bu möhüm ugurda aýgytly hereket etmäge ruhlandyrýar. Ilki başda milli taslama hökmünde döredilen «Klimat gutusy» taslamasy soňlugy bilen dünýä halklarynyň köpüsiniň dillerinde elýeterli bolan we ýerli bilim şertlerine uýgunlaşdyrylan meşhur halkara platformasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan goldanylmagy bilen bu sebit taslamasyny biziň ýurdumyzda hem üstünlikli amala aşyrmak mümkin boldy.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) «Durnukly ösüşiň maksatlaryna etmek üçin klimat bilimi we klimat boýunça hereketler. (Klimat gutusy)» atly taslamasynyň jemleýji okuw maslahatynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň alymlary, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň öňdebaryjy mugallymlary we zehinli okuwçylary hem täsirli çykyşlary etdiler.
Okuw maslahatynyň dowamynda edilen çykyşlarda BMG-niň «Durnukly ösüşiň maksatlaryna etmek üçin klimat bilimi we klimat boýunça hereketler. (Klimat gutusy)» atly sebit taslamasynyň çäginde «Klimat gutusy. «Klimatyň üýtgemegi» temasy boýunça mekdep okuwçylary üçin okuw-oýun materiallar toplumy» atly gollanmany Türkmenistanyň şertlerine uýgunlaşdyrmagyň netijeleri, bu babatda türkmenistanly alymlaryň we pedagogik işgärleriň goşan goşantlary jikme-jik beýan edildi. Şeýle hem, alymlaryň, mugallymlaryň, mekdep okuwçylarynyň bu gollanmany bilim edaralarynda peýdalanmak arkaly klimat bilimini baýlaşdyrmaga bagyşlanan gyzykly çykyşlary diňlenildi.
Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň geografiýa we ekologiýa mugallymy S.Kulyýewanyň hem-de Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy A.Şamowanyň eden täsirli çykyşlarynda 2019-njy ýylda neşir edilen «Klimat gutusy. «Klimatyň üýtgemegi» temasy boýunça mekdep okuwçylary üçin okuw-oýun materiallar toplumy» atly gollanmanyň okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanylyşy, bu möhüm ugurda toplan mugallymçylyk tejribeleri, şeýle hem «Klimat gutusy» sebit taslamasynyň çäginde özleriniň we okadýan okuwçylarynyň halkara ekologiýa bäsleşiklerine gatnaşmaklarynyň netijeleri barada gürrüň berdiler. Mugallymlar ösüp gelýän ýaş nesilde klimat sowatlylygyny kemala getirmekde, ekologiýa medeniýetini terbiýelemekde, mekdep okuwçylaryny ekologiýa, biologiýa, geografiýa dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine taýýarlamakda «Klimat gutusy. «Klimatyň üýtgemegi» temasy boýunça mekdep okuwçylary üçin okuw-oýun materiallar toplumy» atly gollanmany uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtap bellediler hem-de toplan mugallymçylyk iş tejribelerini kärdeşleri bilen paýlaşdylar.
Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Öwezmyrat Sapargeldiýewiň çykyşy okuw maslahatyna gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Ol öz çykyşynda 2025-nji ýylyň 1-4-nji dekabrynda Tailand döwletiniň çäginde ýerleşýän meşhur Khao Ýaý Milli seýilgähinde geçirilen mekdep okuwçylarynyň III Halkara festiwalyna hem-de II Halkara klimat mekdebine gatnaşmagyndan özünde galan ýakymly täsirler, gazanan üstünlikleri, mynasyp bolan baýraklary barada gürrüň berdi.
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Medine Kürenowa hem «Klimat gutusy. «Klimatyň üýtgemegi» temasy boýunça mekdep okuwçylary üçin okuw-oýun materiallar toplumy» atly gollanmany peýdalanyp taýýarlan taslama (döredijilik) işi, şol işi boýunça Tailand döwletinde geçirilen mekdep okuwçylarnyň III Halkara festiwalyna hem-de II Halkara klimat mekdebine gatnaşmagy, gazanan üstünlikleri barada täsirli gürrüň berdi.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) «Durnukly ösüşiň maksatlaryna etmek üçin klimat bilimi we klimat boýunça hereketler. (Klimat gutusy)» atly sebit taslamasynyň jemleýji okuw maslahatynyň iň täsirli pursatlarynyň biri-de, Klimat gutusy. «Klimatyň üýtgemegi» temasy boýunça mekdep okuwçylary üçin okuw-oýun materiallar toplumy» atly gollanmanyň ýurdumyzyň alymlary we pedagogik işgärleri tarapyndan Türkmenistanyň şertlerine uýgunlaşdyrylan täze neşiriniň okuw-terbiýeçilik işleride peýdalanmak üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligine dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy boldy.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, klimatyň üýtgemegi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatynda işjeň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ösüp gelýän ýaş nesliň klimat sowatlylygyny we ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak, döredijilikli işlemäge, okamaga döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sagbolsunlaryny aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt we umumadamzat bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Sapargeldi Durdyýew,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş
bölüminiň müdiri, biologiýa
ylymlarynyň doktory, dosent