
Täzelikler
39

Türkmen oba hojalyk institutynyň oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň “GeoGIS” ylmy gurnagy Bütindünýä meteorologiýa güni mynasybetli “Meteorologiýanyň esaslary” ady bilen test bäsleşigini geçirdi. Bu barada institutyň resmi sahypasynda habar berildi.
Bäsleşigiň dowamynda talyplar meteorologiýanyň häzirki zaman meseleleri, atmosferanyň fizikasy we howanyň üýtgemeginiň ylmy esaslary boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň netijesinde, agroekologiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby D.Myratgeldiýewa, ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby J.Nurmyradow, ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby E.Seýitmuhammedowa, şol hünäriň 2-nji ýyl talyby R.Miriýewa ýokary netijeleri görkezip, ýeňiji boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri we oňa işjeň gatnaşan talyplar Hormat haty bilen sylaglandy.