
Täzelikler
40

“Sagdyn nesil” terbiýesi atly ylmy maslahatda “Gurluşyk materiallary” kafedrasynyň müdiri J. Ataýewa tarapyndan Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda möhüm çykyş edildi. Bu çykyş ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmagy, olaryň hünär taýdan kämilleşmegi hem-de jemgyýetdäki ornunyň berkitmegi bilen baglanyşykly möhüm meseleleri öz içine aldy.
Çykyşda bellenilişi ýaly, sagdyn nesil – bu diňe bir beden taýdan sagdyn ýaşlar däl, eýsem ruhy taýdan baý, ýokary ahlakly we giň dünýägaraýyşly şahsyýetlerdir. Ýurdumyzyň geljeginiň berk binýady hut şeýle ýaşlaryň elindedir. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesi döwlet derejesinde ileri tutulýan ugurlaryň biridir.