
Täzelikler
602

Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) okuw maksatnamasynyň çäginde, Bilim meýilleşdirilişi we dolandyrylyşy milli institutynyň (NIEPA) guramagynda “Institusional meýilnamalaşdyryş boýunça bilim edaralarynyň ýolbaşçylary üçin halkara maslahat – II tapgyr” (International programme on institutional planning for heads of educational institutions Iteration – II”) geçirilýär.
2026-njy ýylyň 30-njy martyndan 10-njy apreline çenli dowam edýän bu abraýly okuw maslahatyna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşýarlar.
Maksatnamanyň çäginde dünýäniň 16 döwletinden, şol sanda Russiýa, Türkiýe, Özbegistan, Müsür, Taýland we Kolumbiýa ýaly ýurtlardan gelen hünärmenler bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň döwrebap usullaryny ara alyp maslahatlaşýarlar. Okuw sapaklary Neeru Snehi, Mona Sedwal, Kumar Suresh, K. Srinivas we Kashyapi Awasthi ýaly bilim dolandyryşy ulgamynda dünýä belli professorlar we bilermenler tarapyndan ýokary derejede amala aşyrylýar.
Maksatnamanyň esasy ylmy-amaly ugurlary institusional we strategiki meýilleşdirişi amala aşyrmakdan, bilim ýolbaşçylygy we dolandyryşyň täzeçil usullaryny öwrenmekden, bilimiň hilini üpjün etmegiň halkara standartlaryny we maliýe meýilleşdirilişi we sanly tehnologiýalary bilim ulgamyna ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Okuwyň dowamynda interaktiw seminarlar, toparlaýyn ylmy işler we tejribe alyşmalary guralýar. Türkmen wekilleri öz ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky gazananlary barada çykyş edip, halkara tejribesini öwrenýärlerler. Şeýle hem, Bilim tehnologiýalarynyň merkezi institutyna hem-de Milli bilim gözlegleri we okuw geňeşine guralan okuw saparlary gatnaşyjylara Hindistanyň bilim strategiýasyny we tehnologik binýadyny ýakyndan öwrenmäge mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň wekilleriniň bu halkara maksatnamasyna gatnaşmagy ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynyň halkara derejesinde bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, mugallymlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmäge we iki ýurduň arasyndaky ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny täze basgançaga çykarmaga uly goşant bolar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty