
Täzelikler
120

Merdana milletimiziň milli medeni mirasy, däp-dessurlary, yrym-ynançlary bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bolup, şunda şöhratly ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepalylygy, söýgini kemala getirmekde, ýurdumyzyň özboluşly aýratynlyklaryny dünýä ýüzüne giňden tanatmakda halkymyzyň milli baýramlary örän ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni giňden bellenilýär. Ine şeýle pursatlaryň biri hem Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň gurnamagynda geçirilen “Ylhamdan paýly Nowruz” atly medeni çäräni nygtamak bolar.
Medeni çäräniň başynda uniwersitetiň professor-mugallymlary türkmen halkynyň her bir gününi toý-baýrama besleýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun sözlerini aýtdylar. Uniwersitetde geçirilen medeni çärede ak saçly enelerimiziň asyllylyk ýörelgeleri, ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary, uly serginiň ýaýbaňlandyrylmagy, däp-dessurlarymyzy beýan edýän çykyşlaryň we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ajaýyp aýdymlarynyň meýilleşdirilmegi biz – ýaşlaryň milli medeni mirasymyza bolan söýgümizi has-da artdyrýar.