
Täzelikler
124

Ýakynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Onuň dowamynda tutuş ýurdumyz boýunça müňlerçe düýp agaç nahallary ekildi. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary bilen bag ekmäge toplumlaýyn çemeleşilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ähmiýetli işlerden nusga alyp Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde talyp ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, milli mirasy, däp-dessurlary wagyz etmek hem-de düşündirmek üçin toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamak we olary durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Halkymyz daşky gurşawa, tebigata örän aýawly çemeleşip, ony hemişe gorap gelýär. Şoňa görä, talyp ýaşlara ekologiýa medeniýeti yzygiderli öwredilýär. Ekologiýa bilim bermek ekologiýa medeniýetliligini ösdürmegiň wajyp serişdesi bolup, ol ýaşlarda tebigata bolan dogry çemeleşmäni terbiýeleýär. Talyp ýaşlarda şeýle endigiň bolmagy ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde, ekologiýa innowasiýalarynyň ornaşdyrylmagynda gazanylýan netijelerde aýdyň ýüze çykýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmakdan, tebigatymyzy aýawly saklamakdan, ony geljek nesillere has-da gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde şular ýaly çäreleriň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça sagdyn durmuşy we abadançylygy gazanmakda hem-de gury ýer ekologik ulgamyny gorap saklamakda öz goşandyny goşýar.