
Täzelikler
129

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin türgenleşik çäresi geçirildi. Uniwersitetde ýerine ýetirilen sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik pursatlar, welosipedli ýörişler, ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň senasy bolup ýaňlandy.
Uniwersitetde bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça sagdyn durmuşy we abadançylygy gazanmakda hem-de talyp ýaşlaryň beden taýdan sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär. Bu günki gün döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanýan uniwersitetiň talyp ýaşlary ýokary okuw mekdepleriniň arasynda yglan edilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Çäräniň dowamynda uniwersitetiň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary ýurdumyzda sagdyn nesli kemala getirmekde, talyp ýaşlarda sagdyn bedeni terbiýelemekde we berkitmekde hemmetaraplaýyn mümkinçilikleri we şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan edip, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, dowamatynyň dowam bolmagyny arzuw etdiler.