
Täzelikler
135

2026-njy ýylyň 26-njy martynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň “Galkynyş” otagynda bilim, ylym we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen daşary ýurtly myhmanlaryň we uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda ylmy we okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň halkara gatnaşyklaryny berkitmek we ýurdumyzda kämil täze tehnologiýalaryň we ykdysady, senagat ösüşlerini, telekeçilik we innowasion tehnologiýalaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmakdan ybarat boldy.
Ylmy-okuw maslahatda häzirki zaman senagat kärhanalaryny dolandyrmagyň halkara standartlary we sanly ykdysadyýetiň ähmiýeti barada Haus kompaniýasynyň taslama dolandyryjysy Linda Lotta Luktala, telekeçilik gurşawynda halkara gatnaşyklaryň we maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylyşy barada Redfrog kompaniýasynyň iş dolandyryjysy Tomas Žunna, telekeçilikde döwrebap ösüşi, ýerli önümçiligiň eksport mümkinçilikleri we ýaş hunärmenleriň bu ugurdaky orny barada Merkezi Aziýa boýunça maslahatçy Bakyt Omurzakow çykyş etdi. Çykyşlaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça uniwersitetiň professor-mugallymlary daşary ýurt wekilleri bilen sorag-jogaplar arkaly tejribe alyşdyrlar.
Halkara derejeli hünärmenler ylmy-okuw maslahatyň çäginde uniwersitetiň binagärlik toplumy bilen tanşyp, ýaşlara döwrebap bilim bermekde uniwersitetde giň mümkinçilikleriň döredilendigi barada aýdyp geçdiler.