
Täzelikler
401

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň Mekany” ýylynyň her bir güni sport ulgamynda uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär.
2026-njy ýylyň 24-30-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasy tarapyndan, woleýbol boýunça ýurdumyzyň erkekler klub toparlarynyň arasynda “Türkmenistanyň Kubogy-2026” atly bäsleşik geçirildi.
Ýaryşa ýurdumyzyň öňdebaryjy 10 (on) sany toparlar gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen bu ýaryşyň final tapgyryna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi” woleýbol topary hem-de Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň “Gala” woleýbol topary çykyş etmäge hukuk gazandylar. Final oýny diýseň çekeleşikli ýagdaýda dowam edip, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi” woleýbol topary bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi bolmagy başardy.
Gelejekde geçiriljek dürli ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezmek maksady bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sport toplumynda sportuň woleýbol hem-de dürli görnüşleri boýunça türgenleşik işleri alnyp barylýar.
Sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlary aýtdylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti