
Täzelikler
142

6-njy aprelde Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň şeýle hem Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçy-türgenleriň gatnaşmagynda "Sport we sagdynlyk bagtyýarlygyň gözbaşy" atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Ýurdumyzda ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýar. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy “Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun…” diýmek bilen, jan saglygyň ähli zatdan ileridigini ündäpdir. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde, döwletimiz sagdynlygyň hem-de bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Saglygy berkitmekde sportuň we bedenterbiýäniň ähmiýeti örän uludyr. “Saglygym – baýlygym” ýörelgesinden ugur alnyp, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy dürli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ilaty bedenterbiýä we köpçülikleýin sporta çekmek, agzybir jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek hem-de halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, sportda ussatlary ýüze çykarmak, olary höweslendirmek, halkara derejesinde ussat türgenleri ýetişdirmek, milli sportumyzy dünýäde ýokary derejä götermek maksady bilen hem köp işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn, ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär.
Bagtyýarlyk etrap häkimliginde geçirilen duşuşykda çykyş edenler ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek hem-de halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Sülgün HOJAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport
baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta
sport mekdebiniň matematika mugallymy