
Täzelikler
133

2025-nji ýylyň 24-28-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň gurnamagynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Açyk Halkara Matematika Olimpiadasy (OMOUS-2026) geçirildi. Bu olimpiada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň düzülen topar gatnaşdy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyplary Bendow Kerimguly we Haýytmuhammedow Yslam geçirilen olimpiadada üstünlikli çykyş edip altyn medala mynasyp boldular. Uniwersitetiň talyplary Annageldyýew Halymmuhammet, Garlyýew Oguzhan, Myratgeldiýew Halmyrat geçirilen olimpiadada ikinji orny eýeläp kümüş medala, Saryýew Ýazmuhammet we Öwezdurdyýew Aýhan üçünji orny eýeläp bürünç medala mynasyp boldular. Bu üstünlikler talyplaryň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygyna özboluşly sowgady boldy.
Geçirilen bu bäsleşige Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gresiýa Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Wengriýa Respublikasynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Birleşen Arab Emirlikleriniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Halkara derejesindäki bäsleşikde gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň miwesidir. Bu gazanylan ýeňişler ylym-bilim ulgamynda täze zehinli ýaşlaryň ýüze çykýandygyny, olaryň alan bilimleriniň we ukyp-başarnyklarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti