
Täzelikler
170

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň arasynda uniwersitetiň ýöriteleşdirilen binýatlyk kafedrasynda göçme sapagy geçirildi. Bu göçme sapagy Ýaşlyk teleýaýlymy tarapyndan teleýazgy edildi.
Göçme sapagyna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebiti, gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy kafedrasynda taýýarlanylýan “Nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy” hünäriniň 2-nji ýyl talyplary we mugallymlary gitdiler.
Göçme sapagynda Himiýa institutynyň alymlary we hünärmenleri ylmy-barlag institutynyň bölümleri, alynyp barylýan ylmy işleri bilen tanyşdyrdylar. Soň talyplar Himiýa institutynyň tejribehanalarynda alnyp barylýan ylmy-barlag işler, tejribehana enjamlar, geçirilýän barlaglar bilen himiýa institutynyň kitaphanasynda öz hünärine degişli edebiýatlar bilen tanyşdylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti