
Täzelikler
146

“Açyk gapylar” günlerinde uniwersitete gelen ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, uniwersitetde öwredilýän taýýarlygyň ugurlary, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze binalary, okuw, internet, kompýuter, lingafon, tejribehana otaglary, ylmy-barlag we “Ýiti Zehin” bilim bölümi, muzeýler, talyplar sport klubunyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Şeýle hem olar uniwersitetiň durmuşy baradaky wideofilme, tanyşdyryş, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlaryna, uniwersitet tarapyndan taýýarlanan sergilere tomaşa edip bilerler.
«Açyk gapylar» günleri aşakda görkezilen salgyda sagat 14:00-da başlanýar. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okamaga isleg bildiren ýaşlar uniwersitet barada maglumatlary hstu.edu.tm web sahypasyndan hem alyp bilerler.
Salgy: Aşgabat şäheri, Görogly köçesiniň 185-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-49-59, 39-36-36, 39-36-41
Elektron poçta: hstu@sanly.tm
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine hoş geldiňiz!