
Täzelikler
57

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 6-njy aprelde, Halkara bilim güni mynasybetli, 12-nji synp mekdep okuwçylarynyň arasynda toplumlaýyn olimpiada başlandy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Olimpiada Aşgabadyň, Arkadagyň we ähli welaýatlaryň 800-e golaý orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşýar. Olimpiada taryh, matematika, türkmen dili we iňlis dili dersleri boýunça geçirilýär.
Birinji, ikinji we üçünji orny eýelän gatnaşyjylar, şeýle hem höweslendiriji baýraklary alanlar şahadatnama, sowgatlar bilen sylaglanar. Baýrak gowşurylyş dabarasy geljekki talyplar üçin "Açyk gapylar" gününiň çäginde, 8-nji maýda institutda geçiriler.