
Täzelikler
58

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýokary okuw mekdebiniň esaslandyrylmagynyň 18 ýyllygy mynasybetli tanyşdyrylyş bäsleşigi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Bäsleşik halkara hukugy fakultetiniň talyplarynyň arasynda geçirilip, ony institutyň «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň agzalary guradylar.
Bäsleşigiň dowamynda geljekki hukukşynaslar halkara hyzmatdaşlyk, hususan-da, Halkara gatnaşyklary institutynyň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri we abraýly halkara guramalary bilen strategik gatnaşyklarynyň ösdürilmegi baradaky temalary giňişleýin beýan etdiler. Şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň toplan ylym-bilim mümkinçilikleri, okatmagyň innowasion tehnologiýalarynyň we usullarynyň işjeň ornaşdyrylyşy hem-de akademiki görkezijileriň okgunly ösüşi barada gürrüň berildi.