
Täzelikler
127

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde ýaşlaryň sanly sowatlylygyny ýokarlandyrmak, kiberhowpsuzlyk medeniýetini kemala getirmek hem-de häzirki zaman tehnologiýalarynyň howpsuz ulanylyşyny öwretmek baradaky beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 8-ne “Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary” kafedrasynyň mugallymy Tyllagözel Nurmyradowa Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk ugry boýunça “Sanly dünýäde howpsuzlyk düzgünleri” ady bilen gelýän okuw-seminar sapagyny geçirdi.
Okuw-seminar sapagynyň geçirilmeginiň esasy maksady, geljegimiz bolan ýaş hünärmenleriň sanly dünýädäki howplar baradaky bilimlerini çuňlaşdyrmakdan, kibergiňişlikde özüňi alyp barmagyň kadalaryny öwretmekden hem-de maglumatlaryň bitewüligini gorap saklamagyň usullaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Okuw sapagynyň dowamynda mugallym talyplara kompýuter wiruslarynyň döreýiş taryhy, olaryň "Creeper" we "Brain" ýaly ilkinji görnüşlerinden başlap, häzirki zaman çylşyrymly kiberhüjümlerine çenli geçen ýoly barada gyzykly maglumatlary berdi. Şeýle-de, mugallym wiruslaryň diňe bir ulgamy bökdemek däl, eýsem döwlet we şahsy ähmiýetli maglumatlary goramakda nähili uly wehimleri döredýändigini anyk mysallar arkaly düşündirdi.
Bu duşuşyk sanly ulgamda howpsuzlyk çäreleriniň ähmiýetini açyp görkezdi. Talyplar wiruslaryň dürli görnüşleri (Troýanlar, süýrenijiler, gidüwçi programmalar) we olaryň programma üpjünçiligine ýetirýän zyýanlary bilen tanyşdylar. Antiwirus ulgamlarynyň iş wezipeleri we maglumatlary ätiýaçlandyrmagyň (backup) zerurlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Talyplar özlerini gyzyklandyran soraglar bilen mugallyma ýüzlenip, kiberhowpsuzlygyň häzirki zaman meseleleri barada pikir alyşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň bilim ulgamy sanlylaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Şeýle okuw-seminarlary ýaşlaryň tehniki dünýägaraýşyny giňeltmek bilen, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetine we maglumat howpsuzlygyna goşant goşjak bäsleşige ukyply, ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly ýardam eder.