
Täzelikler
120

2026-njy ýylyň aprel aýynyň 3-neTürkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituynyň “IT” ylmy-tehniki okuw merekeziniň mugallymyOguljan Aşyrowanyň alyp barmagynda “Psihologiýanyň we pedagogikanyň esaslary” dersi boýunça okuw maksatnamasyna laýyklykda “Emosional-erk duýgular” diýen temadaamaly okuw sapagy geçirildi. Institutymyzyň talyplary okuw sapaklaryndan daşary gurnalýan ders okuwlaryna işjeň we uly höwes bilen gatnaşýarlar, özlerini gyzyklandyrýan dürli meseleler bilen baglanyşykly bolan soraglaryna jogap alyşýarlar. Umuman, bilşimiz ýaly “Psihologiýanyň we pedagogikanyň esaslary” dersi boýunça alnyp barylýan okuw sapagynyň häzirki zaman kämil nesli kemala getirmekde, ýaşlaryň aň-düşünjesini ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar.