
Täzelikler
71

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 23-nji aprelde talyplaryň arasynda iňlis dilinde «Bilelikde okaýarys!» atly bäsleşik geçiriler. Bäsleşik Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy gününe bagyşlanýar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Bäsleşige ýurduň her bir ýokary okuw mekdebinden 3 sany talyp ýa-da magistrant gatnaşyp biler. Gatnaşyjylardan dünýä edebiýatynyň öz saýlan bir eseri boýunça tanyşdyryş (prezentasiýa) bilen çykyş etmek talap edilýär. Gatnaşyjylaryň tanyşdyryşlary mazmuny, gürleýiş ukyby, diliniň grammatik taýdan dogrulygy we suhangöýlik ussatlygy ýaly ölçegler esasynda bahalandyrylar.
Ýeňijileri garaşsyz eminler topary kesgitlär. Baş baýraga (Gran-pri), şeýle hem I, II we III orunlara mynasyp bolan talyplar degişli diplomlar we sowgatlar bilen sylaglanarlar.
Gatnaşmak isleýänler saýlap alan eserleri boýunça çykyşlarynyň tekstini bäsleşigiň guramaçylyk komitetine ugratmalydyrlar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312266160; E-mail: tdimddk@gmail.com.