
Täzelikler
84

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemişelik Bitaraplygy dünýä ýurtlary tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistan döwletimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan rowaçlyk bilen dowam etdirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, dünýä döwletleriniň ençemesi bilen özara bähbitli bolan we deňhukuklylyga esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmäge aýratyn ähmiýet berýär. Durmuşa geçirilýän bilim syýasatynyň strategik maksatlary Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni esaslaryny pugtalandyrmakdan, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary aýgytly ädimler, batly gadamlar bilen alyp gitmekden ybaratdyr. Şu jähetden garalanda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, bilimli, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edip bilýän ýaş nesilleriň kemala getirilmegine uly ähmiýet berilýändigi aýdyň görünýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň tagallasy bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara derejesinde matematika olimpiadasyny geçirmek indi däbe öwrüldi. Aprel aýynyň 8-13–i aralygynda paýtagtymyzda mekdep okuwçylarynyň III halkara matematika olimpiadasy geçirilýär. 9-njy aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bilen bilelikde Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarus Respublikasyndan, Türkiýeden, Eýrandan, Hytaý Halk Respublikasyndan okuwçylaryň 170-si gatnaşdy. Olimpiada gatnaşyjylar yglan edileninden soňra, myhmanlar gutlag sözi bilen çykyş etdiler we türkmen topragynda gyzgyn garşylanandyklary üçin ýürek sözlerini beýan etdiler. Dabarada bäsleşigiň eminler toparynyň ýolbaşçysy – fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dosenti O.Annaorazow gutlag sözi bilen çykyş edip, olimpiada gatnaşyjylara uly üstünlik arzuw etdi. Şeýle hem, oliampiadany A we B derejelerde geçirmegiň meýilleşdirilendigini, A derejede 15,5 ýaşdan ýokary – 20 ýaşa çenli okuwçylaryň, B derejede bolsa, ýaşy 15,5-dan geçmedikleriň çykyş etjekdigini belledi. Çykyşlaryň barşynda olaryň ýolbaşçy mugallymlary bäsleşigiň guralyşyna ýolbaşçylyk ederler.
Mekdep okuwçylarynyň III halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasynyň şatlyk-şowhuny günortanlyk nahardan soň, daşary ýurtlardan gelen okuwçylaryň paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna we Bitaraplyk muzeýine baryp görmekleri bilen dowam etdi. Merjen şäherimiziň owadanlygy, arassalygy, köçeleriň we olaryň ýantaraplaryndaky ösüp oturan pürli, saýaly agaçlaryň, näzijek gülleriň tämizligi, güneşli asman myhmanlarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi