
Täzelikler
281

2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň gurnamagynda “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany - täze üstünlikleriň, belent sepgitleriň ýyly” atly tema boýunça okuw-usulyýet maslahaty geçirildi. Okuw-usulyýet maslahatynda 2026-njy ýylyň aýratyn ähmiýete eýedigi, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi barada gürrüň berildi.
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize köp sag bolsunlaryny aýtdylar.