
Täzelikler
119

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda amala aşyrylýan işleriň hatarynda bilim ulgamy esasy orunlaryň birini eýeleýär. Çünki ýaş nesle döwrebap bilimdir terbiýe bermek, olary kämillik ýolunda taplamak, milli pedagogikamyzyň çäginde bu babatda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek ugrunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda köp tagallalar edilýär.
Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän mekdepleriň XII synpy üçin «Algebra we analiziň başlangyçlary» okuw kitaby (awtorlary: G.Şadurdyýew, O.Annaorazow, J.Töräýew, Ý.Abaýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Okuw kitaby dört bapdan, otuz üç paragrafdan, algebranyň esasy teoremasy barada düşünjeden ybarat bolup, olarda okuw maksatnamasyna laýyklykda degişli möhüm maglumatlar beýan edilipdir.
«Asyl funksiýa we integral» atly I bapda asyl funksiýa, asyl funksiýanyň esasy häsiýeti, asyl funksiýany tapmagyň düzgünleri, egriçyzykly trapesiýanyň meýdany, kesgitli integral, integral barada düşünje, Nýuton-Leýbnisiň formulasy, meýdanlary we göwrümleri hasaplamakda integralyň ulanylyşy, integraly käbir amaly meseleleri çözmekde ulanmak (integralyň fizikada, himiýada, biologiýada, durmuş ykdysady meseleleri çözmekde ulanylyşy, üýtgeýän güýjüň işi), funksiýanyň differensialy barada düşünje (funksiýanyň differensialy, differensialyň geometrik manysy, differensialy hasaplamak), ýönekeý differensial deňleme barada düşünje ( mehaniki hereketiň deňlemesi, radioaktiw dargaýyş, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine degişli meseleleriň differensial deňlemeleri ulanyp çözülişi we degişli taryhy maglumatlar ýerleşdirilipdir.
«Kombinatorikanyň, ähtimallyklar nazaryýetiniň we matematiki statistikanyň elementleri» atly II bap kombinatorika we onuň esasy elementleri (çalşyrmalar, ýerleşdirmeler, utgaşdyrmalar, Paskalyň üçburçlugy, kombinatoriki meseleleriň çözülişi), Nýutonyň binomy, binomial koeffisiýentleriň häsiýetleri, ähtimallyklar nazaryýeti (ähtimallyklar nazaryýetiniň elementleri, ähtimallygyň nusgawy kesgitlemesi, ähtimallyklar nazaryýetiniň usullaryny ulanmak arkaly amaly meseleleriň çözülişi), statistika (statistika we onuň usullary, statistiki tablisalar), paýlanyş hatarlary, moda we mediana, orta baha bilen baglanyşykly maglumatlara orun berlipdir.
«Deňlemeler we deňsizlikler» atly III bap deňlemelere degişli umumy maglumatlar, del kökler we köküň ýitmegi, deňlemeleriň deňgüýçlüligi barada teoremalar, deňlemeleri çözmek, deňlemeleri çözmegiň esasy usullary, deňlemeler sistemasy we ony çözmegiň esasy usullary, deňsizlikler, deňsizlikleri çözmek, irrasional deňsizlikler, modully deňsizlikler, iki üýtgeýän ululykly deňsizlikleriň we olaryň sistemalarynyň çözüwlerini koordinatalar tekizliginde şekillendirmek, tekstli meseleleri çözmek we matematiki modelirlemek, parametrli deňlemeler we deňsizlikler bilen baglanyşykly maglumatlar beýan edilýär.
IV bap «Kompleks sanlar» diýlip atlandyrylýar. Bu bapda hakyky sanlar köplügini giňeltmek, kompleks sanlar barada düşünje, kompleks sanlaryň üstünde amallar, kompleks sanlaryň geometrik şekillendirilişi, polýar koordinatalar sistemasy we kompleks sanlaryň trigonometrik görnüşi, trigonometrik görnüşde berlen kompleks sanlary köpeltmek, bölmek we derejä götermek, kompleks sanlardan kök almak, algebraik deňlemeleriň kompleks kökleri bilen baglanyşykly maglumatlar ýerleşdirilipdir.
Kitabyň ahyrynda berlen gönükmelerdir meseleleriň anyk dogry jogaplary görkezilipdir. Munuň özi diňe bir okuwçylaryň däl, eýsem, bu ugur bilen gyzyklanýan her bir adamyň öz bilimini barlamak üçin uly mümkinçilik döredýär.
Türkmen jemgyýetindäki, şol sanda bilim ulgamyndaky uly özgertmeleriň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi