
Täzelikler
119

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründen ruhlanýan ýaş nesli bilim ulgamynda kämil hünärmen edip ýetişdirmek ýurdumyzyň baş maksatlarynyň biri bolup durýar. Milli bilimi ulgamyny ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen, ýokary okuw mekdepleriniň öňünde durýan jogapkärli wezipeleriň amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn uly mümkinçilikleri döredýärler. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Milli bilim ulgamyndaky özgertmeleriň iň möhümleriniň biri bolsa bilim ulgamynda halkara tejribesini, täze we öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek hem-de olary ýokary okuw mekdepleriniň okuw işine ornaşdyrmak bolup durýar.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Ýokary matematika (köp üýtgeýänli funksiýalar, differensial deňlemeler, gatlaýyn we egriçyzykly integrallar, hatarlar)» atly okuw gollanmasy (awtory: G.Esenamanow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) neşir edildi. Bu okuw gollanmasyndaky paragraflar gysga teoretik maglumatlary bermekden başlanýar, onda esasy kesgitlemeler, teoremalar, formulalar we çözüw usullary beýan edilýär. Soňra her paragrafda meseledir mysallaryň ýeterlik möçberi işlenilip görkezilen, şolaryň üsti bilen esasy çözüw usullary düşündirilýär. Ähli çözülen meselelerdir mysallar Maple ulgamynda hem çözülipdir we wizuallaşdyrylypdyr, bu işleri amala aşyrmak üçin Maple ulgamynyň zerur serişdeleri degişli ýerlerinde beýan edilipdir. Her paragrafyň ahyrynda özbaşdak çözmek üçin ýeterlik möçberde mysaldyr meseleler jogaplary bilen bilelikde ýerleşdirilipdir.
Bu okuw gollanmasynyň esasy aýratynlygy onda häzirki zaman kompýuter tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagydyr. Gollanma ýokary okuw mekdeplerinde ýokary matematika, matematiki analiz, differensial deňlemeler, programmirlemek dilleri, hasaplaýyş usullary, kompýuter tehnologiýalary we ş.m. birnäçe derslerde peýdalanylyp bilner.
Bilim ulgamyndaky özgertmeleri amala aşyrmakda hemaýat-goldawlaryny gaýgyrmaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi