
Täzelikler
111

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda hem-de taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde uly üstünlikler gazanylýar, Watanymyzyň halkara abraýy has-da belende galýar.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Gurluşyk konstruksiýalary» okuw kitaby (awtorlary: B.Mämmedow, D.Durdyýew – A.: Ylym, 2026, 464 sah.) neşir edildi. Bu okuw kitaby gurluşyk konstruksiýalary dersiniň okuw maksatnamasyna doly laýyk gelýär. Mälim bolşy ýaly, gurluşyk konstruksiýalarynyň materialy hökmünde metal, agaç, beton we demirbeton ulanylýar.
Okuw kitaby metal konstruksiýalarynyň, agaç konstruksiýalarynyň we demirbeton konstruksiýalarynyň ösüş taryhyny, ulanylýan ýerlerini, fiziki-mehaniki häsiýetlerini, konstruktiw shemalarynyň düzülişini, şeýle hem gurluşyk konstruksiýalarynyň hasaplanyşynyň, taslanyşynyň esaslaryny, bulardan başga-da gurluşyk konstruksiýalarynyň birikdirilişini hem-de göteriji, arasyny kesiji konstruksiýalaryň hasaplanyş usullaryny öwredýän gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Bu okuw kitabynda gurluşyk jaýlarynyň we desgalarynyň taslanyşyny, olaryň konstruktiw elementleriniň hemişelik hem-de wagtlaýyn ýükleriň täsirine berkligini, durnuklylygyny, çydamlylygyny kesgitlemegi öwrenmek üçin maglumatlar ýeterlik derejede ýerleşdirilipdir.
Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň inžener-gurluşykçy hünärleri boýunça bilim alýan talyplaryna, olara hünär öwretmekde zähmet çekýän mugallymlara, şeýle hem bu ugurda ylmy gözlegleri alyp barýan aspirantlara niýetlenendir. Muňa garamazdan, bu okuw kitabyndan degişli orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary hem okuw gollanmasy hökmünde peýdalanyp bilerler.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölüm