
Täzelikler
108

9-njy aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça geçirilýän III halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada uniwersitetiň web saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilýän zehin bäsleşigi Türkmenistandan we daşary döwletlerden ýaş matematikleri hem-de olaryň mugallymlaryny bir ýere jemledi.
Halkara matematika olimpiadasyna Russiýa, Hytaý, Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Ermenistan, Belarus, Eýran ýaly döwletlerden we Türkmenistandan zehinli mekdep okuwçylarynyň jemi 200-e golaýy gatnaşýar.
Olimpiada gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar uniwersitetde guralan sergi we ýokary okuw mekdebiniň taryhyna, Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan muzeýlerde ýerleşdirilen gymmatlyklar bilen hem tanyşdylar.
Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde A we B derejede geçirilýär. A derejedäki bäsleşige 20 ýaşa çenli mekdep okuwçylary, olimpiadanyň geçirilýän wagtyna çenli mekdebi tamamlanyna 1 ýyldan köp wagt geçmedik hem-de ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmadyk uçurymlar gatnaşyp bilýärler. B derejedäki bäsleşige bolsa olimpiadanyň geçirilýän wagtyna çenli 16 ýaşamadyk mekdep okuwçylary gatnaşýarlar. Iki dereje boýunça bäsleşikler Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdepde geçiriler.
Halkara olimpiada gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama taýýarlanylyp, onuň çäginde Aşgabadyň gözel ýerlerine, şol sanda Bitaraplyk muzeýine, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gezelençleri guramak meýilleşdirildi.