
Täzelikler
122

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyklykda kämil bilim almagy ugrunda ägirt uly alada edilýär. Şundamekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän III halkara matematika olimpiadasy möhüm ähmiýete eýedir.Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bu halkara olimpiadanyň açylyş dabarasy boldy. 10-njy aprelde ― günüň birinji ýarymynda mekdep okuwçylary Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän 135-nji orta mekdebinde olimpiadanyň şahsy tapgyryna gatnaşdylar. Myhmanlar bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylandy. Okuwçylar olimpiadanyň şahsy bäsleşigine gatnaşýan wagtynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary mekdebiň okuw-terbiýeçilik işiniň guralyşy bilen tanyşdylar, şeýle-de bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Umuman, olimpiadanyň ýokary guramaçylyk derejesinde, adalatly we netijeli geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.
Häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ilerletmek ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Strategiýanyň esasy maksady türkmen ýaşlarynyň dünýä ýurtlarynyň ýaşlary bilen dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek, olaryň bilimiň dürli ugurlarynda özara tejribe alyşmaklaryny üpjün etmekden ybaratdyr.
Günüň ikinji ýarymynda wekiliýetleriň ýolbaşçylarydyr olimpiada gatnaşyjy okuwçylar paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna aýlanyp gördüler. Mälim bolşy ýaly, seýilgähde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň heýkeli bilen birlikde, dünýä halklarynyň nusgawy şahyrlarydyr ýazyjylarynyň hem heýkelleri ýerleşdirilendir. Bu bolsa olimpiada gatnaşyjylarda aýratyn ýakymly täsirleri galdyrdy.
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.