
Täzelikler
137

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda edilýän aladalar ýaş nesilleriň döredijilik we innowasion ukyplaryny ýüze çykarmakda özüniň oňyn netijelerini berýär. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýaş hünärmenleriň we talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen halkara startap bäsleşigi munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
2026-njy ýylyň aprel aýynyň 9-10-y aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin Ýewropa Bileleşigi: 2024-2029-njy ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler” atly taslamasynyň çäklerinde „Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda startap” bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjylar ilki bilen ýörite gurnalan ylmy taslama sergisi bilen tanyşdylar we çäräniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 18-den 30 ýaş aralygyndaky ýaşlar, talyplar we mekdep okuwçylary gatnaşyp, olar ekologiýa taýdan arassa energiýa geçmek baradaky özboluşly ylmy taslamalaryny görkezdiler. Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar gün panelleriniň hem-de ýel desgalarynyň iş netijeliligini ýokarlandyrmagyň iň döwrebap, innowasion usullaryny hödürlemek bilen, gün we ýel energetikasy ugrunda uly gyzyklanma döretdiler. Şeýle-de, çäräniň çäklerinde organiki galyndylardan energiýa öndürmegiň häzirki zaman tehnologiýalaryna we bioenergetika ulgamynyň ösüşlerine aýratyn üns berlip, akylly ulgamlar hem-de energiýa tygşytlaýjy sanly tehnologiýalar boýunça iň oňat taslamalar düýpli seljerildi. Çäräniň jemleýji gününde ýapylyş dabarasy bolup, eminler tarapyndan ýeňijiler yglan edildi. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesliň ylym-bilim bilen meşgullanmagy, innowasiýalary durmuşa ornaşdyrmagy üçin döredilýän giň mümkinçiliklere, ýurdumyzyň „ýaşyl“ ösüş ýolunda amala aşyrylýan tutumly işlere döwlet tarapyndan berilýän uly goldawlar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty