
Täzelikler
165

Türkmenistanyň zehinli ýaşlarynyň halkara derejedäki abraýy gün-günden belende galýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi we zehinini dünýä ýüzünde äşgär etmegi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde, talyplarymyz iri halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýärler.
Şeýle buýsançly habarlaryň biri hem Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinden geldi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby, dünýäniň 6 gezek çempiony "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy Garajaýew Lukmanhekim Gazagystanyň "Žana Gazagystan" respublikan innowasion merkezi hem-de Innowasion bilim merkezi tarapyndan guralan «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşige gatnaşyp, uly üstünlik gazandy.
Lukmanhekim bäsleşigiň dowamynda özüniň diňe bir okuwdaky ýetişigi bilen däl, eýsem türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine bolan söýgüsi we bu ugurdaky hünär ussatlygy bilen hem tapawutlanmagy başardy. "Galkynyş" toparynyň agzasy hökmünde edermenlik we çalasynlyk mekdebini geçen talyp ýigit halkara derejede eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Bäsleşigiň netijesinde, Lukmanhekim Garajaýew «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» diýen hormatly ada, ýörite ýadygärlik kubogyna, halkara derejeli döşe dakylýan nyşana hem-de I derejeli diploma mynasyp boldy.