
Täzelikler
126

2026-njy ýylyň aprel aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Hoşallyk maslahaty geçirildi. Hoşallyk maslahatynyň dowamynda 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 8-ine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenilen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy hem-de 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 10-na Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy mynasybetli birnäçe çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňagatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty