
Täzelikler
633

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow «Daşkent suw hojalygy we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyryş inženerleri instituty» Milli ylmy-barlag uniwersitetiniň rektory Bahodir Mirzaýew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, 9-njy aprelde geçirilen duşuşygyň barşynda bilim ulgamyndaky türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň oňyn we dostlukly häsiýeti bellenildi. Söhbetdeşler Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen doganlyk goňşy ýurduň agzalan uniwersitetiniň arasynda öňden ýola goýlan gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar.
Duşuşykda taraplar şeýle hem ylym-bilim hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegini, şol sanda talyplaryň we mugallymlaryň tejribe alyşmagy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bilelikdäki ylmy we medeni çäreleri geçirmegiň wajypdygyny belläp, taraplar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň we Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri guramak barada ylalaşdylar.