
Täzelikler
654

Häzirki wagtda Türkmenistanyň bilim we ylym ulgamynda gazanýan üstünlikleri halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekýär. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň baş hünärmeni Nowruz Myratdurdyýew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde geçirilen bäsleşikde birbada iki sany hormatly ada — «GDA-nyň iň gowy mugallymy» we «GDA-nyň iň gowy ýaş alymy» diýen atlara mynasyp boldy.
Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen bu halkara bäsleşik GDA ýurtlarynyň iň zehinli mugallymlaryny we alymlaryny ýüze çykarmak maksady bilen «Bilim-orkenieti» we «Žana Gazagystan» ylmy-barlag merkezleri tarapyndan guraldy. N.Myratdurdyýew lukmançylyk we saglyk bilen bagly nakyllary daşary ýurt dillerine terjime etmegiň aýratynlyklaryna bagyşlanan ylmy işi hem-de döwrebap okatmak usullary bilen tapawutlanyp, halkara eminleriň ýokary bahasyny almagy başardy.
Bu ýeňiş türkmen ýaşlarynyň ylmy mümkinçilikleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň ýokary hiliniň aýdyň mysalyna öwrüldi. Şeýle hem bu üstünlik türkmen alymlarynyň halkara ylym giňişligindäki ornunyň barha berkeýändigini görkezýär.
Gazanan netijeleri üçin Nowruz Myratdurdyýew ýörite I derejeli diplom, halkara şahadatnama we döşe dakylýan hormat nyşany bilen sylaglandy.