
Täzelikler
572

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen köpçülikleýin maşk etmek çäresi hem aýdyň subutnama boldy.
Bu sport çäresi konserniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň binasynyň öňündäki giň meýdançada guraldy. Ir säher bilen geçirilen bu çärä talyp ýaşlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Şadyýan sazlaryň astynda ýerine ýetirilen dürli beden maşklary ýaşlaryň diňe bir saglygyny berkitmän, eýsem olaryň okuwa bolan höwesini we zähmet ukybyny hem artdyrdy.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym we sport bilen meşgullanmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada durup geçdiler. Şeýle hem, sporty durmuş kadasyna öwüren ýaşlaryň geljekde nebitgaz pudagynyň kämil hünärmenleri bolup ýetişjekdiklerine ynam bildirildi.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary öz gezeginde döredilip berilýän bu mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.