
Täzelikler
691

2026-njy ýylyň aprel aýynyň 13-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Asyrlaryň arzuwyny hasyl eden tutumlar» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatynyň dowamynda 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 8-ine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenilen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy barada, Türkmenistanyň binagärlik we gurluşyk ministrligi tarapyndan guruljak täze şäherçäniň 800 gektardan gowrak meýdany öz içine aljakdygy, Şäherçe jemi 22 müň 500-den gowrak ilata niýetlenendigi, Şeýle hem bu ýerde Geňeşligiň edara binasy, 720 orunlyk 6 sany orta mekdep, 320 orunlyk 8 sany çagalar bagy, saglyk merkezleri, 500 orunlyk medeniýet öýi, polisiýa we telefon-poçta bölümleri, 2 gatly söwda merkezi, 1000 orunlyk metjit we 500 orunlyk toý mekany gurlup ulanmaga berilmegi barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Bulardan başga-da maslahatyň dowamynda 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 10-na Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy barada, bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 600 kilometre barabardygy, bu ýol bölegi «Türkmenawtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylandygy barada, şeýle-de Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurduň ykdysady ösüşine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesine gönükdirilen tutumly işleriň mynasyp dowamyna öwrülen taryhy wakadygy barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de maslahatyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasynda bolan sapary barada birnäçe çykyşlar hem diňlenildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr tanslara tomaşa edildi. Maslahatynyň ahyrynda oňagatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty