
Täzelikler
951

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 9-11-nji aprelinde, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sanly ulgam arkaly Matematika, Himiýa, Informatika dersleri boýunça onlaýn internet olimpiadasy “moodle” platformasynda (https://ticit.edu.tm/) şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi. Olimpiada gatnaşmaga isleg bildiren ýurdumyzyň orta okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda himiýa dersinden etrap, welaýat we Döwlet derejesinde geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolanlar hem hasaba alyndy.
Olimpiada gatnaşmaga isleg bildiren jemi 744 sany okuwçyhasaba alyndy. Uniwersitetde işlenilip düzülen milli programma üpjünçiliginiň kömegi arkaly okuwçylaryň toplan ballary boýunça jemi 189 şahsy ýeňijiler kesgitlendi. Olar bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ikinji tapgyry uniwersitetde 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde sagat 10:00 da geçiriler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti