
Täzelikler
241

Talyp ýaşlaryň marketing, brending we häzirki zaman işewürlik düşünjeleri boýunça bilimlerini giňeltmek maksady bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçildi. Ony Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkezi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkezi bilelikde guradylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Bellenilişi ýaly, «Çyzgy» studiýasynyň esaslandyryjysy Serdar Gurbanmyradow açyk sapaga myhman hökmünde gatnaşyp, güýçli brendleriň emele gelşi, olaryň sarp edijiler bilen aragatnaşygy we psihologik täsiri barada giňişleýin çykyş etdi. Ol brendiň diňe bir wizual nyşan däl-de, eýsem, adamlaryň duýgularyna täsir edýän, ynam döredýän we uzak möhletli täsir galdyrýan ulgamdygyny aýratyn nygtady.
Talyplar brendingiň esasy ýörelgeleri, üstünlikli kompaniýalaryň tejribesi hem-de häzirki zaman bazarynda tapawutlanmagyň usullary barada gymmatly maglumatlary aldylar. Olar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap almak mümkinçiligine hem eýe boldular.
Mahlasy, açyk sapak ýaşlaryň döredijilik we işewürlik başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem häzirki zaman brending düşünjelerini öwrenmäge giň mümkinçilik döretdi.