
Täzelikler
255

Paýtagtymyzdaky «Diller dünýäsi» dil merkezinde «Bahasa Club» dil gurnagy hereket edip başlady. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrligi we onuň «Diller dünýäsi» dil merkezi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkezi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkezi tarapyndan guraldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, bu başlangyç ýaşlaryň daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmak we olaryň dünýä medeniýeti baradaky düşünjesini giňeltmek maksady bilen ýola goýuldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkeziniň utgaşdyryjysy Merdan Ataýew gurnagyň ilkinji sapagyna gatnaşyjylara malaý we indonez dilleriniň aýratynlyklary, olaryň dünýäde ulanylyşy hem-de medeni ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berdi.
«Bahasa Club» – bu diňe bir dil öwrenmek üçin däl, eýsem, Günorta – Gündogar Aziýanyň baý medeniýeti bilen tanyşmak üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir. Gurnagyň işi gatnaşyjylara dilleri ýeňil we gyzykly usulda öwretmäge gönükdirilendir.
"Sapaklar her hepdäniň çarşenbe güni sagat 15:00-da yzygiderli geçirilýär. Gurnakda her hepde täze mowzuklar boýunça sapaklar bolýar we gatnaşyjylar öz bilimlerini yzygiderli artdyryp bilýärler" diýlip, habarda aýdylýar.