
Täzelikler
154

2026-njy ýylyň aprel aýynyň 13-ine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymlary Kümüş Allabaýewa, Amangül Jumadowa, mugallym Bägül Annanepesowatarapyndan institutymyzyň 1-nji, 2-nji we 3-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan talyplaryň arasynda “Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň dürli usullary we olaryň netijeliligi” atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.
Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini bilmek şahsy hem-de hünär derejesinde üstünlik gazanmagyň möhüm şertleriniň biridir. Dünýä ykdysadyýeti, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk we halkara gatnaşyklary giňeldigiçe, daşary ýurt dillerini öwretmegiň döwrebap we netijeli usullaryny ornaşdyrmak zerurlygy artýar. Şunuň bilen baglylykda, okuw-usulyýet tejribesiniň halkara standartlara laýyk kämilleşdirilmegi döwlet derejesindäki möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Daşary ýurt dilini öwretmegiň baş maksady – ýaşlaryň dil ünsüni ösdürmek, dilleri diňe grammatik taýdan däl, eýsem, kommunikatiw taýdan hem doly derejede ulanmagy başarmaklaryny üpjün etmekdir. Şeýlelikde, daşary ýurt diliniň öwredilmegine aragatnaşygyň we medeni gatnaşyklaryň möhüm bölegi hökmünde garalýar.