
Täzelikler
114

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy sarpalamak, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ugrunda belent sepgitlere ýetilýär.
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň garamagyndaky bilim edaralarynyň kitaphanalarynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy esasynda mekdep okuwçylarynyň edebiýata we döredijilige bolan höwesini artdyrmak, olaryň zehinini ýüze çykarmak maksady bilen umumybilim berýän orta mekdepleriň 10-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşik iki tapgyrda alnyp barlyp, okuwçylaryň diňe bir taýýarlykly gelmekleri däl, eýsem, ýerinde çalt we çeper pikirlenmek ukyplary hem synaldy. Bäsleşigiň esasy şerti boýunça emin agzalary tarapyndan okalan goşgy setirlerini dowam etmek talap edildi. Bu şert ýaşlaryň söz baýlygyny, goşgy düzmekdäki ussatlygyny we ylham joşgunyny açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Okuwçylar berlen setirleri özboluşly we manyly dowam etdirip, ahalteke bedewlerimiziň taryhy şöhratyny häzirki döwrüň belent ösüşleri bilen sazlaşykly utgaşdyrdylar. Emin agzalary tarapyndan bolsa goşgularyň çeperçilik derejesine, bogun we rifma sazlaşygyna, şeýle hem temanyň açylyşyna aýratyn üns berildi.
Bu bäsleşik diňe bir okuwçylaryň arasyndaky ýaryş bolman, eýsem, hakyky edebiýat agşamyna öwrüldi. Şeýle dabaraly pursatda emin agzalarynyň hem öz döreden goşgularyny uly joşgun bilen okap bermekleri gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Bu döredijilikli çykyşlar ýaş zehinler üçin özboluşly görelde mekdebi bolup, olaryň ylhamyny has-da galkyndyrdy.
Bäsleşigiň ahyrynda aýratyn tapawutlanan okuwçylar, ýagny etrabyň 5-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Medine Bäýrammedowa 1-nji orna, etrabyň 27-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Leýli Çaryýewa 2-nji orna, etrabyň 11-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Medine Kerimowa 3-nji orna mynasyp boldular we tapawutlanan okuwçylara etrap bilim bölüminiň hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýeňiji bolan iň gowy goşgular metbugat sahypalarynda okyjylara ýetiriler.
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap bilim bölümi tarapyndan geçirilen bu bäsleşige gatnaşyjylar ýaş nesilleriň döredijilik dünýäsiniň baýlaşmagyna, milli mirasymyzyň dünýä ýaýylmagyna döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Gülbahar Ussaýewa,
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap bilim bölüminiň hünärmeni