
Täzelikler
490

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Medet Mäterow halkara bäsleşikde I orny eýeläp, «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy. Ýeňiji talyba ýörite diplom, şahadatnama, ýadygärlik kubok we döşe dakylýan nyşan gowşuryldy. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berildi.
Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigi 2026-njy ýylyň 5 — 10-njy fewraly aralygynda «Bilim Innowasiýa» merkezi we «Iň gowy talyplar akademiýasy» tarapyndan guralyp, çärä sebitiň döwletlerinden 350-den gowrak zehinli ýaşlar gatnaşdy.
Aprel aýynyň 13-üne S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýeňijiniň hormatyna dabaraly çäre geçirildi. Onda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramy bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ýokary okuw mekdebi üçin üstünliklere beslenýär. Dabarada çykyş edenler Medet Mäterowyň gazanan abraýly sylagynyň türkmen biliminiň halkara derejedäki ýene bir dabaralanmasydygyny nygtadylar.
Medet Mäterow ozal hem birnäçe bäsleşiklerde tapawutlanypdy. Ol «Sanly çözgüt — 2025» bäsleşiginde III orna, «ICT Start-up» bäsleşiginde we «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşiginde I orunlara mynasyp boldy. Şeýle-de ýaş alymyň Moskwa döwlet geodeziýa we kartografiýa uniwersitetiniň talyplaryň ylym hepdeligine hem-de dürli internet olimpiadalaryna işjeň gatnaşandygy bellenildi.
Talyp ýigit Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda dermanlyk ösümlikleri öwrenmek boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyndan ugur alyp, ol narpyz we tozga ösümliklerinden temmäkä bolan garaşlylygy aradan aýyrýan ýörite spreý görnüşli derman serişdesini işläp düzdi. Bu innowasion taslama hünärmenler tarapyndan ýokary baha berildi.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary halkara bäsleşiklerde yzygiderli ýokary netijeleri görkezýärler. Hususan-da, 2024-nji ýylda Dawud Döwletow hem «Türki halklaryň iň gowy talyby» diýen ada eýe bolupdy. Şeýle üstünlikler ýurdumyzda ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikleriň we olara bildirilýän uly ynamyň netijesidir.
Dabaranyň ahyrynda çykyş edenler ýaş nesliň bilim almagy we ylym bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.