
Täzelikler
312

2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Ýaşlar forumynyň çäklerinde “Excellence in Public Service Delivery to Achieve the Sustainable Development Goals” atly ugurdaş çäre geçirildi. Çäre BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti (UN DESA) hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky raýatlara hyzmatlary we durmuş innowasiýalary boýunça döwlet gullugy tarapyndan guraldy.
Nýu-Ýork şäherine amala aşyrylan iş saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti bu ugurdaş çärä gatnaşdy. Çärä Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary) hemişelik wekili Wepa Segsengeldiýewiç Hajiýew, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu halkara çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň konstruktiw halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwlet dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
Bu ugurdaş çäräniň dowamynda döwlet hyzmatlaryny hödürlemegiň mehanizmlerini kämilleşdirmek, döwlet edaralaryna bolan ynamy pugtalandyrmak, döwlet dolandyryşynyň açyklygyny, hasabatlylygyny we inklýuziwligini ýokarlandyrmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibini durmuşa geçirmekde raýatlaryň zerurlyklaryna gönükdirilen netijeli döwlet hyzmatlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, başlangyç çykyşlary bilen Azerbaýjan Respublikasynyň BMG-däki Hemişelik wekili Tofik Musayew, UN DESA-nyň wekilleri, şeýle hem BMG-niň Günorta–Günorta hyzmatdaşlygy boýunça müdirliginiň direktory Dima Al-Hatib çykyş etdiler. Çäräniň esasy bölüminde döwlet hyzmatlarynyň hil ölçeglerine, şeýle hem döwlet hyzmatlarynyň netijeliligini bahalandyrmakda ASAN Service indeksini ulanmagyň tejribesine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Mundan başga-da, birnäçe döwletleriň ýokary derejeli wekilleriniň we halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda tegelek stol maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu çärä gatnaşmagy döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmek hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi