
Täzelikler
126

Gazagystanyň paýtagty Astana şäheri sebitiň iň zehinli ýaşlarynyň jemlenen mekanyna öwrüldi. Bu ýerde «Bilim Innowasiýa» merkezi hem-de «Iň gowy talyplar akademiýasy» tarapyndan guralan «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigi dabaraly ýagdaýda geçirildi. Abraýly bäsleşige Merkezi Aziýa döwletlerinden iň işjeň we bilimli talyp ýaşlar gatnaşyp, özara ukyp-başarnyklaryny synadylar.
Halkara derejedäki bu ýaryşda Türkmenistana wekilçilik eden Arkadag şäheriniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Işanguly Işangulyýew uly öňegidişlik görkezdi. Ol özüniň çuňňur bilimi, döredijilik ukyby we jemgyýetçilik işjeňligi bilen emin agzalarynyň ünsüni çekmegi başardy. Netijede, türkmen talyby bäsleşigiň iň ýokary baýragyna — «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» diýen hormatly ada mynasyp boldy.
Işanguly Işangulyýew gazanan bu ajaýyp ýeňşi üçin I derejeli diplom, ýörite ýadygärlik kubogy we döşe dakylýan nyşan bilen sylaglandy. Bu üstünlik diňe bir talybyň şahsy ýeňşi bolman, eýsem, Arkadag şäheriniň bilim edaralarynda ýaşlara berilýän döwrebap bilimiň we mugallymlaryň çeken yhlasly zähmetiniň netijesi hökmünde bellenildi.
Gazagystanda gazanylan bu şanly ýeňiş türkmen ýaşlarynyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da belende göterdi. Işangulynyň mysalynda beýleki talyp ýaşlar üçin nusga alarlyk mekdep döredi. Bu waka ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.