
Täzelikler
204

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak we okuw işine döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Bu özgertmeleriň netijesinde türkmen mugallymlary halkara derejesinde ýokary sepgitleri eýeleýärler. Muňa mysal hökmünde Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen «GDA-nyň iň gowy mugallymy» atly halkara bäsleşiginde gazanylan uly ýeňşi görkezmek bolar.
«Bilim-orkenieti» we «Žana Gazagystan» ylmy-barlag merkezleri tarapyndan guralan bu abraýly bäsleşikde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy Gurbanbibi Orazbaýewa ajaýyp netije görkezdi. Maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy özüniň pedagogik ussatlygy bilen tapawutlanyp, I derejeli diplom, döşe dakylýan nyşan we hormatly at bilen sylaglandy.
Gurbanbibi Orazbaýewanyň üstünligi emeli aň tehnologiýalaryny bilim beriş ulgamynda netijeli ulanmagy bilen baglydyr. Ol öz işinde talyplaryň dünýä dillerini öwrenmäge bolan höwesini artdyrýan we okuw işini awtomatlaşdyrýan täsirli taslamalary hödürledi. Mugallymyň innowasion çemeleşmeleri we sapaklary interaktiw usulda guramakda gazanan netijeleri halkara eminleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Bu halkara sylag ýurdumyzyň bilim ulgamynda sanly innowasiýalaryň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň adyny halkara giňişlikde dabaralandyran zehinli mugallymyň gazanan taryhy ýeňşi tutuş bilim jemgyýetçiligi üçin uly buýsanç boldy.