
Täzelikler
66

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde15-nji aprelde ýurdumyzda saparda bolýan Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Saparyň çäginde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasy Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün etdi.
Soňra şanly wakanyň hormatyna guralan dabara ýokary okuw mekdebiniň uly mejlisler zalynda dowam etdi. Bu ýerde iki bilim ojagynyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrundaky tagallalary we özara tejribe alyşmaga mynasyp goşandy nazara alnyp, Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ady dakmak baradaky çözgüt beýan edildi.