
Täzelikler
246

Aşgabatda 15-nji aprelde çagalary goramak we olaryň bähbitlerine adalatlylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Milli maksatnamany taýýarlamak üçin Pudagara iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu strategik başlangyç ÝUNISEF-iň goldaw bermeginde amala aşyrylýar we iş toparynyň işine Baş prokuratura tarapyndan utgaşdyryjylyk edilýär. Duşuşyga on sany degişli döwlet edarasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Bu barada Тürkmenistanyň halkara habarlar merkezi habar berdi.
Täze taýýarlanyljak Milli maksatnama Türkmenistanyň taryhynda bu ugurdaky ilkinji toplumlaýyn resminama bolar. Onuň esasy wezipesi dürli döwlet pudaklarynyň mümkinçiliklerini utgaşdyryp, çagalaryň abadançylygyny we hukuklaryny goramagy täze derejä çykarmakdan ybaratdyr. Taslamanyň hukuk esaslary ýurdumyzyň Konstitusiýasyna hem-de 2023–2028-nji ýyllar üçin Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň meýilnamasyna daýanýar.
Resminamanyň mazmuny halkara borçnamalara we öňdebaryjy tejribelere doly laýyk geler ýaly, oňa BMG-niň Çagalaryň hukuklary baradaky komitetiniň maslahatlary giriziler. Şeýle hem maksatnama ÝUNISEF-iň 2026–2030-njy ýyllar üçin Türkmenistan boýunça Ýurt maksatnamasy we beýleki durnukly ösüş maksatlary bilen sazlaşykly utgaşdyrylar.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bu ädimiň ähmiýetini belläp, ýurduň ýaş nesliň bähbitlerine ygrarlydygyna ýokary baha berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu başlangyç her bir çaganyň hukuklarynyň goralmagyny üpjün edýän we maşgala gymmatlyklaryna esaslanýan döwrebap gorag ulgamynyň kemala gelmegine uly ýardam eder.