
Täzelikler
203

Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri «Turkmen Travel 2026» halkara sergisine gatnaşyp, türkmenistanly dalaşgärler üçin niýetlenen ýokary bilim mümkinçiliklerini we akademiki maksatnamalary öz içine alýan milli pawilýony hödürlediler. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Diller dünýäsi» dil merkezine bardylar.
Talyplar Malaýziýada bilim almak mümkinçilikleri, talyp durmuşy we halkara maksatnamalar barada özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler. Myhmanlar bolsa öz gezeginde bilim ulgamyndaky häzirki zaman meýilleri barada pikirlerini paýlaşyp, globallaşma döwründe daşary ýurt dillerini bilmegiň ähmiýetini aýratyn nygtap geçdiler.
Duşuşykda çykyş eden Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň menejeri Tajul Ariffin Bin Shamsuddin myhmansöýerlik üçin hoşallygyny bildirip:
– Biz üçin Türkmenistanda bolmak we şeýle yhlasly, zehinli ýaşlar bilen duşuşmak uly hormatdyr. «Turkmen Travel 2026» halkara sergisine gatnaşmak hem-de «Diller dünýäsi» dil merkezine sapar etmek talyplar üçin täze mümkinçilikleri açýar we Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda bilim hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam edýär. Biz ýaşlaryň dil öwrenmäge bolan gyzyklanmasyndan we halkara ösüşe bolan ymtylyşyndan ruhlanýarys-diýdi.