
Täzelikler
192

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen 16-njy aprelde Döwletmammet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda "Ýaşlaryň ylmy gözlegleri" atly halkara ylmy we amaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Maslahatyň dowamynda ylmy gözlegleriň netijeleri bäş esasy bölümde geçirildi: “Diller - abadançylyga barýan ýol”, “Dili kämilleşdirmek - ruhy gowulaşdyrmak”, “Medeni gatnaşyklar - sarsmaz gatnaşyklar”, “Diller dünýä ýol açýar”, “Terjime medeniýetler aragatnaşygynyň serişdesi hökmünde”.
Bu çärä Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplary bilen birlikde Angliýa, Germaniýa, Koreýa Respublikasy, Hytaý, Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasy, Gazagystan we Özbegistan uniwersitetleriniň wekilleri gatnaşýar.